- uçgun
- Ýanýan zadyň howry bile howa göterilýän ot ýaly ownuk bölejikler.∙ Gandym kömri köräp dumly-duşa uçgunlar syçraýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)∙ Ýene dumly-duşa uçgunlar syçraýar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)◊ uçgun ýapyşdyrmak — Ýanyny gyzdyrmak, gaharyny getirmek, jibrindirmek.∙ Aýsoltanyň igenji Potda täsir etmän, gaýta onuň gury gowuna uçgun ýapyşdyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.